ÝB Gresiýa: "Türkiýe bilen gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goý" diýip maslahat berdi

ÝB Gresiýa Türkiýe bilen gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy barada maslahat berdi

1442656
ÝB Gresiýa: "Türkiýe bilen gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goý" diýip maslahat berdi

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrel, Türkiýe bilen gowy gatnaşyklary ýola goýmagynyň hem Gresiýanyň hem-de ÝB-niň bähbidine boljakdygyny belläp: "Şol sebäpli Türkiýe bilen aragatnaşyga geçip ynama esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmalydyrys" diýip belledi. 

Gresiýa sapar guran ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrel, ýurdyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen birlikde Türkiýe-Gresiýa serhediniň golaýyndaky Ewros sebitinde gözegçilik işlerini geçirdi. 

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrel gözegçilik işlerinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda, Türkiýe bilen gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň esasan hem Gresiýanyň peýdasyna boljakdygyny belläp: "Türkiýe bilen gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak esasan hem Gresiýanyň peýdasyna bolar. Günüň ahyrynda ÝB-niň hem gowy goňşuçylyk gatnaşyklary üçin döredilendigini ýatlasak, onda munyň nähili derejede möhümdigine has gowy düşüneris. Bähbitlerimizide ünsden düşürmeli däldiris. Şol sebäpli Türkiýe bilen aragatnaşyga geçip ynama esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmalydyrys. Gatnaşyklarymyzy özgertmek we bar bolan meselelerimizi çözmek, ÝB, Türkiýe we Gresiýanyň bähbidine bolar" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Gresiýa , #Žozep Borrel , #ÝB

Degişli Habarlar