Hytaýda It eti festiwaly başlady

Koronawirus epidemiýasynyň ilkinji ýüze çykan ýeri bolan Hytaýda 10 gün dowam etjek It eti festiwaly ähli nägileliklere garamazdan başlady

1440952
Hytaýda It eti festiwaly başlady

Sky News tarapyndan berilýän habara görä, Hytaýda Kovid-19 epidemiýasyna garşy görülýän çäreleriň çäginde itleriň oba hojalyk haýwanlary statusyndan çykarylmagyna garamazdan Guanşi welaýatynyň Ýulin şäherinde düýn başlan jedelleşikli "Liçi we It eti" festiwalynda müňlerçe it soýulyp, bazarlarda sergilenýär we satylýar.  

Halkara siwilizasiýa jemgyýeti guramasyndan Peter Li, it etiniň täze kesellere sebäp bolup biljekdigini we adamlaryň saglyklaryna zyýan ýetirip biljekdigini mälim etdi. 

Hytaýyň çar tarapyndan gelýän söwdegärler et bazarynda itleriň we pişikleriň etini satmak üçin Ýulin şäherine barandygyny aýdan Li, Hytaýyň itiň etiniň satylmagyny gadagan etmek üçin kanuna düzedişler girizilmelidigini beýan etdi. 

Ýurtda itiň etiniň 12,3 million dollarlyk bir söwda aýlawyna eýedigi habar berildi. 

Hytaýyň Oba hojalyk ministrligi, Kovid-19 epidemiýasyna garşy görülen çäreleriň çäginde itleriň oba hojalyk haýwany dälde, öý haýwany statusynda kabul ediljekdigini aýan edipdi. 


Etiketkalar: #Hytaý , #Sky News , #et , #it

Degişli Habarlar