Ukrainada binalaryň birinde partlama boldy

Ukrainada binalaryň birinde bolan partlamada 2 adam ýogaldy

1440320
Ukrainada binalaryň birinde partlama boldy

Ýurdyň metbugatynda berilen habarlara görä, Kiýew şäheriniň Poznýaki etrapçasyndaky 9 gatly binada partlama boldy. 

Partlamada binanyň 4-nji bilen 7-nji gat aralygyndaky otaglar ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. 

Polisiýa işgärleri, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri we halas ediş toparlar wakanyň bolan ýerine gönükdirilip, 21 adam binadan çykaryldy. 

Wakanyň bolan ýerine baran Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, partlamanyň sebäbiniň derňelýändigini belläp: "Polisiýa işgärleri iki sebäbiň üstünde işleýär: tebigy gaz partlamasy ýa-da partlaýjy madda" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #partlama , #Ukraina

Degişli Habarlar