Koronawirus howply bolmagynda galýar

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 1 müň 142 adam artyp 68 müň 636 adama ýetdi

1410614
Koronawirus howply bolmagynda galýar

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 248 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 584 müň 100, sagalanlaryň sany 1 million 161 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 1 müň 142 adam artyp 68 müň 636 adama ýetdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýurdunda koronawirus sebäpli çekilen adam pidalarynyň 80-90 müňe ýetip biljekdigini aýtdy. Prezident Tramp koronawirusa garşy sanjymyň hem 2020-njy ýylyň ahyryna çenli taýar boljakdygyny belledi.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 174 adam artyp 28 müň 884 adama ýetdi. Hasaba alynanlaryň sany 210 müň 717 adam, wirusy ýeňenleriň sany 1 müň 740 adam artyp 81 müň 654 adama ýetdi.

Ispaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 164 adam artyp 25 müň 628 adama ýetdi

Fransiýada bolsa epidemiýa sebäpli ýogalanalryň sany soňky 24 sagatda 135 adam artyp 24 müň 895 adama ýetdi. 25 müň 815 adamyň bejergisi dowam edýär.

Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 315 adam artyp 28 müň 446 adama ýetdi.

Belgiýada wirus sebäpli ýogalanalryň sany 7 müň 924 adama, hasaba alynanlaryň sany 50 müň 267 adama ýetdi. Şu günden başlap käbir iş ýerleri açyldy.

Kanada-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 312 adam artyp 3 müň 774 adama, hasaba alynanlaryň sany 4 müň 664 adam artyp 59 müň 474 adama ýetdi.

Braziliýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 7 müň 25 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 101 müň 147 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli Täze Zelandiýada  20 adam ýogaldy, 1487 adam hem hasaba alyndy. 1276 adam bolsa koronawirusy ýeňmegi başardy.

Germaniýada koronawirusa garşy göreşiň çäginde 23-nji martda ýapylan dellelhanalar we gözellikleri merkezleri açyldy

Balkan ýurtlary hem koronawirusa garşy görlen çäreleri tapgyrlaýyn bes edýär.

Albaniýada käbir dükanlar açyldy.

Demirgazyk Makedoniýada köçä çykmak gadagançylygynyň möhledi çäklendirildi.

Sloweniýada metjiletler ýaňadandan ybadata açyldy.

Horwatiýada gözellik merkezleri we dellekhanalar, hususy saglygy goraýyş merkezleri açyldy.

Bosniýa-Gersegowinada käbir dükanlar açyldy.

Serbiýada hem naharhanalar we çaýhanalar hyzmada açyldy.

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar