Eýranda koronawirus sebäpli 9 müň adam hasaba alyndy

Koronawirus Eýrana howp salmaga dowam edýär

1376235
Eýranda koronawirus sebäpli 9 müň adam hasaba alyndy

 

Eýranda koronawirus sebapli364 adam ýogaldy, 9 müň adam hem hasaba alyndy. 2732 adamyň bejergisi bolsa tamamlandy.

Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 3161 adama ýetdi.

Ýurtda soňky 24 sagatda 22 adam ýogaldy, ýene-de 24 adam Kowid 19 sebäpli hasaba alyndy.

Yrakda ilkinji gezek 24-nji fewralda hasaba alynan koronawirus sebäpli 7 adam ýogaldy, 71 adam hem hasaba alyndy.

Koronawirus sebäpli Ysraýylda 70, Palestinada 29, Katarda 24, Tunisde hem 6 adam hasaba alyndy.

Liwanda Kowid 19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 51 adama ýetdi. Medeniýet ministrligi ähli muzeýleriň we taryhy ýerleriň wagtlaýyn ýapylmagy hakynda karar kabul etdi.

Indoneziýada hasaba alynanlaryň sany 27 adama ýetdi, 1 adam hem Kowid 19 sebäpli ýogaldy.

 


Etiketkalar: #Hytaý , #Eýran , #koronawirus

Degişli Habarlar