Siriýanyň Jerablus etrabynda terrorçylykly hüjümler guraldy
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi
![Siriýanyň Jerablus etrabynda terrorçylykly hüjümler guraldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/6b0a/674d/dad0/5e03259ab6903.jpg?time=1719348307)
Siriýanyň demirgazygyndaky Jerablus etrabynyň merkezinde terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň, elde ýasalan partlaýjy madda ýüklenen 2 motosikli uzakdan pult bilen partlatmagy netijesinde asuda ilatdan 14 adam ýaralandy.
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza terrorçylaryň, Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitiniň çägindäki Jerablus etrap merkezinde ýene-de bigünä adamlary nyşana alynyp hüjüm gurandygy mälim edildi.
Beýanatda, elde ýasalan bomba ýüklenen 2 motosikli uzakdan pult bilen partladan terrorçylaryň, aralarynda çagalar hem bolan asuda ilatdan 14 adamy ýaralandygy aýan edildi.
Degişli Habarlar
![ABŞ, Siriýadaky Harby Merkezlerine Goşmaça Esger Ugratdy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/7c67/fb02/2fe1/667aa8c05a9d1.jpg?time=1719348307)
ABŞ, Siriýadaky Harby Merkezlerine Goşmaça Esger Ugratdy
40 ulaglyk kerwen, Haseke welaýatynyň Kasrek obasyndaky harby merkeze bardy.
![Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/9b75/27af/03ce/667ac8253e0f1.jpg?time=1719348307)
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 37 müň 658, ýaralananlaryň sany hem 86 müň 237 adama ýetdi