Gresiýada ýer titremesi boldy

Gresiýada Mora ýarymadasynyň günortasynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1313357
Gresiýada ýer titremesi boldy

Afiny Geodinamika institutyndan berilen beýanata görä, ýer titremäniň ýerli wagt bilen 09:23-de, Mora ýarymadasynyň günortasynda ýerleşýän Kitera adasy bilen Krit adasynyň arasynda deňiziň 20 km aşagynda emele gelendigi habar berildi.

Ýerli metbugat, 6,1 bal ululygyndaky ýer titremäniň 258 km uzaklykda ýerleşýän ýurdyň paýtagty Afinydan Krit adasyna çenli aralykdaky ähli ýerde duýulandygy mälim edildi.

Ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup bolmandygy barada entek beýanat berilmedi.


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Gresiýa

Degişli Habarlar