ÝPG/PKK tarapyndan guralan hüjümlerde 5 adam ýogaldy

Terror guramasy ÝPG/PKK Kamyşly etrabyny 2013-nji ýylda basyp alypdy

1304538
ÝPG/PKK tarapyndan guralan hüjümlerde 5 adam ýogaldy

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gözegçiligi astynda bolan Siriýanyň Haseke welaýatynyň Kamyşly etrabynda şol bir wagtda guralan bombaly hüjümlerde 5 adam ýogaldy, 25 adam ýaralandy.

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynyň garşysynda Siriýanyň territoriýasynda ýerleşýän Kamyşly etrabynda düýn şol bir wagtda 3 partlama boldy

Bomba ýüklenen 3 ulagyň ýarylmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä, 5 adam ýogaldy, 25 adam ýaralandy.

Bazar ýerinde bolan partlamalarda köp sanly bina zeper ýetirildi.

Terror guramasy ÝPG/PKK Kamyşly etrabyny 2013-nji ýylda basyp alypdy.



Degişli Habarlar