Gruziýa, Abhaziýa we Günorta Osetiýa bilen birleşmek isleýär

Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili, özüniň Prezidentlik döwründe Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň ýurdy bilen birleşmegine şaýat bolmagyny isleýändigini nygtady

1258663
Gruziýa, Abhaziýa we Günorta Osetiýa bilen birleşmek isleýär

Salome Zurabişwili 2008-nji ýylda başdan geçirilen Günorta Osetiýa söweşinden soň, şol ýylyň 26-njy awgustynda Gruziýadan birtaraplaýyn häsýetde Garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýa we Günorta Osetiýa sebitleriniň Russiýa Federasiýasy tarapyndan garaşsyz döwlet hökmünde yglan edilmeginiň 11-nji ýyly bilen bagly ýazmaça beýanat berdi.

Gruziýanyňam, hyzmatdaşlarynyňam ýurdyň bölünmegine rugsat bermejekdigini aýdan Salome Zurabişwili: “Şu gün ruslaşdyrmak syýasaty sebäpli Abhaziýanyň we Günorta Osetiýalylaryň dilleri we şahsyýetleri howp astynda. Umumy taryhymyz bolsa gruzinler bolmadan abhazlaryň we osetinleriň milli şahsyýetleriniň halas edilmeginiň mümkin bolmajakdygyny görkezýär” diýip belledi.

Salome Zurabişwili: “Abhaziýanyň bilen Günorta Osetiýanyň Gruziýa parahatçylykly ýollar bilen gaýdyp geljekdigine ynanýaryn. Munyň ýakyn wagtda, Prezidentlik möhletimde bolmagy meniň iň uly arzuwym, şonuň üçin elimden gelenini ederin” diýip belledi.

Salome Zurabişwili Abhaziýa we Günorta Osetiýa Gruziýa bilen birleşen halatynda ol ýerde ýaşaýan adamlaryň, Gruziýanyň beýleki ýerlerinde ýaşaýanlar bilen deň hukuga eýe boljakdygyny beýan etdi.  



Degişli Habarlar