Russiýa Günorta Koreýadan ötünç sorady

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi, düýn irden ADIZ zolagy hökmünde yglan eden ýere girendigi sebäpli 3 rus harby uçaryna od açandygyny mälim etdi

1241601
Russiýa Günorta Koreýadan ötünç sorady

Russiýa, özüniň harby uçarlarynyň Günorta Koreýanyň Howa goranyş we takyklaýyş zolak (ADIZ) hökmünde yglan eden ýere rugsatsyz ýagdaýda girendigi sebäpli başdan geçirilen dartgynlykdan soň resmi Seula “Hadysa sebäpli çuňňur gynanç bildirýändigi” barada ýüzlenme iberdi.

Günorta Koreýanyň Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, ýurdyň Döwlet diwanynyň Aragatnaşyk bölüminiň sekretary Ýoon Do-Han, Russiýanyň Günorta Koreýanyň Russiýadaky harby attaşesiniň üsti bilen iberen ýüzlenmesinde “Howa giňişliginiň bilkasatlaýyn ýagdaýda bozulmandygy, uçarlaryň tehniki näsazlyk sebäpli ýoluny azaşandygy” barada maglumat berildi.

Günorta Koreýanyň Russiýadaky harby attaşesiniň Russiýanyň waka sebäpli örän puşmandygyny aýdandygyny beýan eden Ýoon: “Mesele bilen bagly derňew işiniň iň tiz wagtda başlatyljakdygy we gerek bolan çäreleriň alynjakdygy bellendi” diýip habar berdi.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi, düýn irden ADIZ zolagy hökmünde yglan eden ýere girendigi sebäpli 3 rus harby uçaryna od açandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar