Ysraýyl Gaza garşy howa hüjümini başlatdy

Ysraýylyň harby uçarlary we dik uçarlarynGazada Hamasa degişli 80 ýeri nyşana aldy

1076688
Ysraýyl Gaza garşy howa hüjümini başlatdy

Ysraýyl düýn agşamara gabaw astyndaky Gaza sektoryndan Ysraýyl tarapynda raketa atylandygy bahanasy bilen Gaza garşy howa hüjümini başlatdy.

Ysraýylyň ýaragly güýçlerinden berlen ýazmaça beýanatda Ysraýylyň harby uçarlarynyň we dik uçarlarynyň Gazada Hamasa degişli 80 ýeri nyşana alandygy nygtaldy.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al Kudra mesele barada beren beýanatynda Ysraýylyň Gazanyň demirgazygyndaky İndoneziýa hassahanasynyň golaýyndaky harby merkeze guralan howa hüjümi sebäpli hassahana uly zeper ýetirlendigi bellenildi.

Hüjümi ýazgaran Kudra, halkara guramalara Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde saglygy goraýyş işgärleriniň we hassahanalaryň goralmagy barada çagyryş berdi.

 



Degişli Habarlar