Yrakda guralan terrorçylykly hüjümlerde 4 adam ýogaldy

Yragyň Felluje, Selahattin we Mosul şäherlerinde guralan terrorçylykly hüjümlerde 4 adam ýogaldy, 37 adam ýaralandy

1063581
Yrakda guralan terrorçylykly hüjümlerde 4 adam ýogaldy

Yrakda ilkinji hüjüm şu gün irden Anbar welaýatynyň Felluje şäherinde guraldy.

Şäheriň merkezindäki duran bomba ýüklenen ulagyň partlamagy netijesinde 1-i polis işgäri jemi 5 adam ýaralandy.

Ikinji partlama bolsa Selahattin welaýatynyň Siýinýe şäherinde guraldy.

Beýji nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işgärlerini daşaýan awtobusa ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 32 adam ýaralandy.

Terror guramasy DAIŞ-den yzyna basylyp alynan Mosul şäherinde guralan hüjümde bolsa 3 adam ýogaldy.

Howpsyzlyk çeşmeleri şäheriň el-Sadiýe obasyna giren terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň 3 adamy öldürendigini we 1 adamy ýanlaryna alyp gaçandyklaryny habar berdi.

Terrorçylary tapmak üçin howpsyzlyk güýçleri sebitde gözleg işlerini başlatdy.


Etiketkalar: #Yrak , #hüjüm , #terrorçy

Degişli Habarlar