Perudaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy

Peruda ýolagçy awtobusynyň awtomobili süseninden soň, derýa gaçmagy netijesinde azyndan 21 adam ýogaldy

1057022
Perudaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy

Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Marko Llanos, awtobusyň And daglarynda öňünden gelýän ulagy süseninden soň, derýa gaçandygyny habar berdi.

Llanos wakada awtobusdaky 21 adamyň ýogalandygyny, 15 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Derýa gaçan awtobusdaky ýolagçylaryň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri başladyldy.

Çumbiwilkasyň häkimi Dawid Wera bolsa wakanyň bolan mahaly awtobusyň Kusko şäherinden Santo Tomasa gidendigini habar berdi.


Etiketkalar: #Peru , #awtobus , #heläkçilik

Degişli Habarlar