Argentina ministrleriň sanyny azaldar

Argentinaly resmiler bolsa Halkara Pul gaznasynyň wekilleri bilen şu gün duşuşyk geçirer

1042319
Argentina ministrleriň sanyny azaldar

Argentinanyň Prezidenti Maurisio Makri Argentin pesosynyň hümmediniň gaçmagynyň öňüni almak we döwlet bujetiniň ýetmezçiligini azaltmak maksady bilen ministrleriň sanyny azaltmagy meýilleşdirýär.

La Nacion gazediniň berýän habaryna görä 13 ministrlik ýapylar ýa-da birleşdiriler.

Klarin gazediniň berýän habaryna görä bolsa ministrlikleriň sany 10-a çenli azaldylar.

Gazna ministri Nikolas Dužowneniň berk syýasy çäreleriň çäginde ençeme ykdysady meýilnamany aýan etmegine garaşylýar.

Argentinaly resmiler bolsa Halkara Pul gaznasynyň wekilleri bilen şu gün duşuşyk geçirer.


Etiketkalar: #Argentina , #çäre , #Gazna

Degişli Habarlar