Tramp MRG-nyň ozalky başlygynyň howpsyzlyk ygtyýaryny bes etdi

Tramp MRG-nyň ozalky başlygynyň howpsyzlyk ygtyýaryny bes etdi

1033264
Tramp MRG-nyň ozalky başlygynyň howpsyzlyk ygtyýaryny bes etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Helsinkide geçiren duşuşygyny “dönüklik” hökmünde häsýetlendiren Merkezi razwedka gullugynyň ozalky başlygy Jon Brennanyň howpsyzlyk ygtyýaryny bes etdi

Trampyň Brennanyň ygtyýaryny bes etmek baradaky ýazmaça beýanatynda; “Ýurumyň belli maglumatlaryny goramak üçin adatdan daşary konstitutsion borjum bar. Şu gün şol borjumy berjaý etmek üçin MRG-niň ozalky başlygynyň ygtyýaryny betmek barada karara gol çekdik” diýilýär.

Trampyň Federal derňew ofisi FBI-yň başlygy Jeýms Komeý bilen birlikde käbir ozalky işgärleriniň hem howpsyzlyk ygtyýarlaryny bes etmegi nazarda tutýandygy habar berildi.

Merkezi razwedka gullugynyň ozalky başlygy Jon Brennan bolsa karary; “Trampyň karary söz azatlygyny basgylamak tagallasynyň bölümlerinden biri” görnüşinde analiz etdi.

 


Etiketkalar: #Donald Tramp , #FBI , #ygtyýar , #ABŞ

Degişli Habarlar