Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 36 müň 96 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 81 müň 136 adama ýetdi

2145520
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 235 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 5 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 46 palestinalynyň ýogalandygy, 110 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 36 müň 96 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 81 müň 136 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar