Şweýsariýada Geçiriljek Maslahat Netijesiz Bolar

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Şweýsariýada geçiriljek Ukraina bilen bagly parahatçylyk maslahatynyn netijesiz boljakdygyny aýtdy.

2145506
Şweýsariýada Geçiriljek Maslahat Netijesiz Bolar

Peskow Özbegistanyň paýtagt Daşkent şäherinde rus žurnalistlerine Ukraina meselesi boýunça beýannama berdi.

Şweýsariýanyň guramagynda 15-16-njy iýunda Ukraina bilen bagly parahatçylyk maslahatynyň geçiriljekdigine ünsi çeken Peskow; “Bu maslahatyň Ukraina mesesine çözgüt ýollaryny tapmak taýdan netijesi ýyk. Bu sammitde Russiýasyz Ukraina bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşma düşünjesi ýerliksiz” diýdi.

Peskow Russiýanyň gatnaşmagynda Ukraina meselesinin çözülmegi bilen bagly maslahatyň Saud Arabystanynda geçiriljekdigi hakynda habar barada bolsa, onuň meýilleşdirilmeýändigini aýtdy.

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň “Ukrainanyň berilen ýaraglar bilen rus pozisiýalaryny urmaga hakynyň bolmalydygy” barada sözlerini analiz eden Peskow, bu beýannamanyň “jogapkärçiliksiz we meçew berijidigini” beýan etdi.

Dmitriý Peskow: “Günbatarlylygyň harby diskursy hökmürowan bolmaga başlaýar. Çäre görülmeli, ýörite harby operasiýa dowam edilmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar