Somalide naharhana guralan bombaly hüjümde 4 adam ýogaldy

Somaliniň paýtagty Mogadişuda naharhana guralan bombaly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 4 adam ýogaldy

1026529
Somalide naharhana guralan bombaly hüjümde 4 adam ýogaldy

Şäher häkiminiň orunbasary Salih Hasan Ömer, Mekge Al Mükerreme köçeginde ýerleşýän naharhana bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guralandygyny aýtdy.

Hüjümde 4 adamyň ýogalandygyny, 9 adamyň ýaralanandgyny aýdan Ömer, ýaralananlardan käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygyny belledi.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Somaliniň günortasynda Afgooýe şäherinde düýn harby kerwene guralan hüjümde hem 3 adam ýogalypdy, köp sanly adam ýaralanypdy.

 


Etiketkalar: #Somali , #naharhana , #hüjüm

Degişli Habarlar