Donald Tusk söwda söweşleriniň öňüniň alynmagy barada çagyryş berdi

Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Donald Tusk global düzgüne zeper ýetmezlik üçin Hytaýa, Russiýa we ABŞ-e söwda söweşleriniň öňüniň alynmagy barada çagyryş berdi

1013416
Donald Tusk söwda söweşleriniň öňüniň alynmagy barada çagyryş berdi

Pekinde geçirilen maslahatlaryň birinde çykyş eden Tusk Hytaýdan, Russiýadan we ABŞ-den söwda söweşleriniň öňüniň alynmagy, çaknyşyk we haosyň başdan geçirilmezligi üçin Ýewropa bilen bilelikde işleşmegini isledi.

Dünýä düzgüniniň üýtgändigini bilýändiklerini we ony kadalaşdyrmak üçin umumy jogapkärçilikleriň bardygyny aýdan Tusk global düzgüne zeper ýetmezligi üçin halkara söwda kadalarynyň ýaňdandan gözden geçirilmeginiň Ýewropa, Hytaý, ABŞ we Russiýa üçin umumy bir wezipedigini belledi.

Tusk haosdan we çaknyşykdan gaçmak üçin entegem giýç däldigini nygtap: “Hytaý bilen birlikde Trampa we Putine bu etaba goşant goşmaklary üçin çagyryş berýärin” diýip belledi.


Etiketkalar: #Donald Tusk , #söweş , #söwda

Degişli Habarlar