Pakistanda guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 132 adama ýetdi

Hüjümde 230-dan gowrak adam hem ýaralandy

1012255
Pakistanda guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 132 adama ýetdi

Pakistanda iki saýlaw mitinginde bolan partlamalarda halk deputatlygyna dalaşgär Newabzade Siraž Raisani bilen birlikde 132 adam ýogaldy, 230-dan gowrak adam hem ýaralandy.

Ýurduň günbatarynda ýerleşýän Belujistan welaýatynyň Mastung şäherinde bolan partlamada Belujistan Awami partiýasynyň halk deputatlygyna dalaşgäri Raisaniniň nyşana alynandygy öňe sürüldi.

Partlamada Raisani bilen birlikde 128 adam ýogaldy, 200-den gowrak adam hem ýaralandy. Ýaralananlar Kuetta şäherindäki hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Mastung şäherinde guralan hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

Ozalky ministr Ekrem Han Durraniniň ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Bannu şäherinde geçiren mitinginde guralan hüjümde hem 4 adam ýogaldy, 32 adam ýaralandy.

Durrani hüjümde ýaralanmazdan halas boldy.

 



Degişli Habarlar