Tramp Kimi Ak Tama çagyryp biler...

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen 12-nji iýunda Singapurda geçiriljek duşuşygyň meýilleşdirilişi ýaly geçen halatynda, Kimi Çen Yny Ak Tama çagyryp biljekdigini habar berdi

988555
Tramp Kimi Ak Tama çagyryp biler...

Donald Tramp Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe bilen Ak Tamda geçiren duşuşygyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen 12-nji iýunda Singapurda geçirjek duşuşygyň hem Koreýa ýarym adasy hem-de bütin dünýä üçin örän möhümdigini aýdan Tramp hem ABŞ-niň hem-de Demirgazyk Koreýanyň ylalaşmak isleýändigini belledi.

Tramp: “Demirgazyk Koreýa bilen bu etabyň bir duşuşykda tamamlanjakdygyny pikir etmeýärin, birnäçe gezek duşuşyk geçirip bileris” diýip, 12-nji iýundaky duşuşykda ähli meseleleriň çözülmegine garaşylmaly däldigini nygtady.

Maslahatyň üstünlikli geçen halatynda ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda şertnama gol çekilip-çekilmejekdigi bilen bagly soraga Donald Tramp: “Hawa muny pikir edýäris, maslahatlaşýarys. Muny demirgazyk koreýaly we beýleki taraplar bilen hem maslahatlaşýarys, emma bu diňe başlangyç bolar. Aslyna garanyňda işiň kyn tarapy ondan soň başlaýar. Biz Demirgazyk Koreýa bilen gatnaşyklarymyzyň kadalaşmagyny görmek isleýäris” diýdi.

Tramp berilen soraglaryň birine jogap berip, Singapurdaky duşuşygyň gowy geçen halatynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kimi ABŞ-e çagyryp biljekdigini belläp: “Eger işler gowy dowam etse Kim Çen Yny ABŞ-e gelmegi üçin çagyryp bilerin. Belkem saparyny Ak Tamdan başlar” diýdi.

Bir ylalaşyk bolan halatynda Ýaponiýa, Hytaý we Günorta Koreýa bilen işleşjekdiklerini aýdan Tramp: “Kim hem birzatlaryň durmuşa geçirilenini görmek isleýär, öz halky, maşgalasy we özi üçin birzatlar etmek isleýär” diýdi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Abe bolsa eden çykyşynda Demirgazyk Koreýa babatynda görkezýän liderligi üçin Trampa minnetdarlyk bildirdi.

BMG-niň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan Demirgazyk Koreýa bilen baglanşykly kabul edilen kararlaryň doly ýagdaýda ýola goýulmagyna garaşýandyklaryny aýdan Abe: “Demirgazyk Koreýanyň ýadrodan saplanmak etabyny durmuşa geçiren we beren sözlerini ýerine ýetiren halatynda Ýaponiýa hökmünde bu ýurda goldaw bereris we ykdysady gatnaşyklarymyzy başladarys” diýdi.



Degişli Habarlar