Owganystanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli gelen silde 11 adam ýogaldy

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Samangan we Sary Pul welaýatynda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli gelen silde 11 adam ýogaldy

971646
Owganystanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli gelen silde 11 adam ýogaldy

Samangan welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Siddik Azizi welaýatda birnäçe günden bäri dowam edýän ýagyşlar sebäpli siliň gelendigini nygtady.

Silde 7 adamyň ýogalandygyny aýdan Azizi, 2 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Azizi sil sebäpli onlarça öýe zeper ýetirlendigini ýatlatdy.

Sary Pul welaýatynda hem sil apatynda 4 adamyň ýogalandygy, 5 adamyň hem dereksiz ýitendigi nygtaldy.

Ýüzlerçe gekdarlyk ekin meýdanynyň hem suwyň aşagynda galandygy bellenildi.


Etiketkalar: #Owganystan , #sil , #welaýat

Degişli Habarlar