London howa menzili bomba howsalasy sebäpli ýapyldy

Britaniýanyň paýtagty Londondaky Siti howa menzili uçuş zolagynyň golaýyndaky gurluşyk işlerinde tapylan II Jahan urşyndan galan bomba sebäpli ýapyldy

908707
London howa menzili bomba howsalasy sebäpli ýapyldy

Howa menzilindäki ähli uçar gatnawlaryna arakesme berilip, ýolagçylara howa menziline gitmezlikleri barada duýduryş berildi.

Siti howa menzlinden geçýän metro gatnwalaryna hem arakesme berildi.

Bombany tapan işgärleriň Polisiýa gullugyna habar bermeginden soň, bombanyň töwereginde 214 inedördül metrlik ýerde howpsyz zolak emele getirildi.

Howa menziline baran hünärmenler onuň II Jahan urşyndan galan bir bombadygyny tassykladylar.

Howa menzliniň resmileri Polisiýa gullugynyň işgärleriniň, ýurdyň Harby flotynyň we Nýuem etrabynyň bombany howpsyz ýagdaýda täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin işe girişendiklerini habar berdi.

Bomba howa menziliniň uçuş zolagynyň ýanynda ýerleşýän Şa V Jorj dokunda alynyp barylýan gurluşyk işlerinde tapyldy.

Londonyň şäher merkezine iň golaý howa menzili bolan Siti howa menzili 1987-nji ýylda köne dokuň üstüne gurulupdy.



Degişli Habarlar