Idlibde çaknyşyksyz zolakda guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

Siriýanyň Idlib şäherinde çaknyşyksyz zolakda Serakib etrapçasynda guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

901581
Idlibde çaknyşyksyz zolakda guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

Anadoly habarlar gullugyna beýanat beren Idlibliň Jemgyýetçilik goranyş müdüri Mustafa Haj Ýusuf Idlibde ýaşaýyş ýerlerine guralýan howa hüjümlerinde köp sanly adamyň hem ýaralandygyny belledi.

Soňky hepdelerde ýygy-ýygydan hüjüm guralýandygyny aýdan Ýusuf “Idlibiň Serakib, Maarreti, Numan, Kefrenbil we Eriha etrapçalarynda Asada tabynlykdaky güýçler bilen Russiýanyň her gün 100-e golaý hüjüm guraýar” diýdi.

Serakib etrabynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Üç gün ozal hem etrapçada bazar ýerine guralan howa hüjümlerinde asuda ilatdan 11 adam ýogalypdy, 13 adam ýaralanypdy.


Etiketkalar: #Idlib , #zolak , #hüjüm , #bazar

Degişli Habarlar