BMG 22,5 milliard dollarlyk ýardam çagyryşyny berdi

BMG geljek ýyl üçin 22,5 milliard dollarlyk ýardam çagyryşyny berdi

860062
BMG 22,5 milliard dollarlyk ýardam çagyryşyny berdi

 

BMG geljek ýyl 91 million adama ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin 22,5 milliard dollarlyk ýardam çagyryşyny berdi.

BMG-dan berlen beýanatda geçen ýylyň dekabr aýynda BMG-nyň 2017 Halkara ýardam meýilnamasynyň çäginde 92,8 million adam üçin 22,2 milliard dollarlyk ýardam çagyryşynyň berlendigi ýatladyldy.

Beýanatda dünýäde uzak dowam edýän çaknyşyklar, tebigy apatlar, ýokanç keseller we öýlerini terk edenler sebäpli 26 ýurtdan 136 million adamyň ynsanperwer kömegine mätäçdigine üns çekildi.

Gyssagly kömege mätäç 91 million adam üçin  geljek ýyl 22,5 milliard dollarlyk ýardam çagyryşy berildi.



Degişli Habarlar