Müsüriň Prezidenti Sisi resmi sapar bilen Fransiýa bardy

Resmi sapar bilen Fransiýa baran Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi Elysse köşgünde Prezident Emmanuel Makron bilen duşuşdy

834081
Müsüriň Prezidenti Sisi resmi sapar bilen Fransiýa bardy

Fransiýanyň Prezidenti Makron duşuşykdan soň beren beýanatynda “Müsürde adam hukuklarynyň goralmagy we güýçlendirilmegi Sisinyň peýdasyna bolar. Muny özüne hem aýtdym” diýdi.

Sisi bolsa Müsüriň demokratiýa taýdan ösmegi üçin tagalla edýändigini nygtady we halkynyň adam hukuklaryny basgylamajakdygyny aýtdy.

Adam hukuklary guramalary bolsa Makrony, Sisi hökümetiniň adam hukuklaryny basylamagyna biperwaý çemeleşmekde günäkärleýär.

Adam hukuklary guramalary Müsürli kärdeşi bilen ykdsady gatnaşyklar we terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyk meselesi hakynda pikir alyşandygyny aýdan Fransuz liderlerine, Müsürde 2013-nji ýyldaky agdarlyşykdan bäri 600 müň adam tussag edilendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar