Reks Tillerson resmi sapar bilen Bagdada bardy

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Reks Tillerson Yragyň bitewiligine berýäň goldawyny nygtap, çaknyşyga daş, dialoga ýakyn durýandyklaryny aýtdy

832821
Reks Tillerson resmi sapar bilen Bagdada bardy

Yragyň Ministrler kabinetinden berilen ýazmaça beýannama görä paýtagt Bagdada baran Reks Tiller Premýer ministr Haýdar Al Abadi bilen duşuşdy.

Duşuşykda Yragyň bitewiligine uly ähmiýet berýändiklerini beýan eden Tillerson konstitutsiýa tabynlygy we Kürt Awtonomiýasy bilen çakynyşykdan daş durýan dialogy goldaýandyklaryny aýtdy.

Yragyň Premýer ministri Abadi bolsa terrorçylyga garşy göreşiň gyşarnyksyz we egilşiksiz dowam edýändigini aýtdy. Kerkukda edilen işleriň döwletiň özygtyýarlylygyny we gözegçiligini üpjün etmek hökmünde häsýetlendiren Abadi: “Haýsydyr bir güýç bilen söweşmek islemeýäris. Kerkukda kürt raýatlarynyň Yragyň hormatly raýatlarydygyny beýan etdik” diýdi.



Degişli Habarlar