Taliban Owganystanyň demirgazygynda hüjüm gurady

Hüjümde jemi 5 adam ýogaldy

826414
Taliban Owganystanyň demirgazygynda hüjüm gurady

Owganystanyň demirgazygyndaky Farýab welaýatynyň Döwlet Abad etrabynda Talibana agza terroçylaryň guran hüjüminde polisiýa gullugynyň 2 işgäri bilen 3 goragçy jemi 5 adam ýogaldy.

Döwlet Abad etrabynyň Içeri işler müdüri Nematullah Tofan terrorçylaryň Döwlet Abadyň Çagatak diýilen ýerindäki polisiýa bölümine hüjüm gurandygyny habar berdi.

Wakada polisiýa gullugynyň 2 işgäri bilen 3 goragçynyň jemi 5 adamyň ýogalandygyny aýdan Tofan Talibanyň polisiýa bölümine hüjüm guramagyna polisiýa işgärleriniň biriniň kömek edendigini öňe sürdi.

Taliban tarapyndan hadysa bilen baglanşykly entek hiç hili beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar