Londondaky hüjüm bilen baglanşykly iki adam göz tussaglygyna alyndy

Britaniýanyň polisiýa gullugy ozal bolsa 18 ýaşly başga bir adamy göz tussaglygyna alypdy

808695
Londondaky hüjüm bilen baglanşykly iki adam göz tussaglygyna alyndy

Britaniýanyň polisiýa gullugy Londondaky metro beketleriniň birinde guralan we 30 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen hüjüm bilen arabaglanşygy bardygy çak edilýän 2 adamy göz tussaglygyna aldy.

Polisiýa gullugy şübhe astyna bolan adamyň 2-njisiniň düýn gije Londonyň günbataryndaky Hounslow diýilen ýerde Terrorizm kanunynyň 41-nji maddasyna laýyklykda göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

21 ýaşyndadygy mälim edilen şol adamyň Londonyň günortasyndaky polis bölüminde göz tussaglygyna alynandygy mälim edildi.

Britaniýanyň polisiýa gullugy ozal bolsa 18 ýaşly başga bir adamy göz tussaglygyna alypdy.

 


Etiketkalar: #Britaniýa , #London , #hüjüm , #kanun

Degişli Habarlar