Irma tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany 18-e ýetdi

Amerikanyň Florida ştatyna täsirini ýetiren Irma tupanynda ýogalan adamlaryň sany 18-e ýetdi

806227
Irma tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany 18-e ýetdi

Ýekşenbe güni Irma tupanyndan soň Florida gaýdyp gelen adamlar öýlerni ýerinde tapmadylar.

Öýleriň 90 göterimi ýa ýumruldy ýa-du olara uly zeper ýetdi.

Iň uly mesele bolsa elektrik toklaryň ýoklugy. Ýekşenbe gününden bäri 6 milliona golaý öýe we iş ýerlerine elektrik tok berilip bilinenok.

Ak Tam sebite ýaňadandan elektrik tok berilmeginiň 1 hepdä çenli uzap biljekdigini habar berdi.

Floridada ýangyç ýetmezçiligi hem bar.

Emma sebitdäki howa menzili uly ýitgilere garamazdan ýaňadandan hyzmat bermäge başlady.

Tupan sebäpli 3500-den gowrak uçar gatnawy goý bolsun edildi.

Hünärmenler Harwi we ondan soň gelen Irma tupanlarynyň çykdajysynyň 290 milliard dollara ýetip biljekdigini belleýärler.

Prezident Trampyň penşenbe güni Florida barmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar