Hytaýda ýeriň süýşmegi netijesinde 3 adam ýogaldy

Heläkçilikde şeýle hem 32 adam dereksiz ýitdi

798146
Hytaýda ýeriň süýşmegi netijesinde 3 adam ýogaldy

Hytaýyň Guižou sebitindäki Bijie şäherinde ýeriň süýşmegi netijesinde 3 adam ýogaldy, 32 adam dereksiz ýitdi.

Ýeriň süýşmegi netijesinde 34 öý topragyň aşagynda galdy.

Dereksiz ýiten 32 adamyň halas edilmegi üçin 2 müňden gowrak adam iş alyp barýar. 

Geografik şertleriň ýaramaz bolan sebitinde ýeriň ýaňadan süýşüp biljekdigi bellendi. 

 



Degişli Habarlar