Braziliýada gaýygyň batmagy netijesinde 11 adam ýogaldy

Braziliýada derýadaky gaýyklaryň biriniň batmagy netijesinde 11 adam ýogaldy

795766
Braziliýada gaýygyň batmagy netijesinde 11 adam ýogaldy

Ýurdyň demirgazygyndaky Para welaýatynda bolan wakada 20 ýolagçynyň halas edilendigi, 39 ýolagçynyň bolsa dereksiz ýitendigi mälim edildi.

'Comandante Ribeiro' atly gaýygyň Porto De Moz obasynyň golaýyndaky Hingu derýasynda batandygy habar berildi.

Gaýygyň näme sebäpli batandygy barada entek beýanat berilmedik hem bolan bolsa ýerli Folha de Sao Paulo gazedinde berilen habarda gaýygyň tupan sebäpli batandygy bellendi.


Etiketkalar: #Braziliýa , #derýa , #gaýyk , #batmak

Degişli Habarlar