Trampyň DAIŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekili ýene-de ÝPG-li terrorçylar bilen duşuşdy

Mk Gurk PÝD/ÝPG-ä berilýän harby kömekleriň artdyryljakdygy barada söz berdi

791963
Trampyň DAIŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekili ýene-de ÝPG-li terrorçylar bilen duşuşdy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekili Brettt Mk Gurk aýralykçy terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-ä agza terrorçylar bilen duşuşdy.

Siriýanyň Aýn İssa şäherçesindäki duşuşykda Mk Gurk PÝD/ÝPG-ä berilýän harby kömekleriň artdyryljakdygy barada söz berdi.

Duşuşykda Rakkanyň terror guramasy DAİŞ-den yzyna alynmagyndan soňky ýagdaýyň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Mk Gurk ozal hem birnäçe gezek Siriýanyň demirgazygynda PÝD/ÝPG-ä agza terrorçylar bilen duşuşupdy.

Türkiýe ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň DAIŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekiliniň PÝD-li terrorçylar bilen duşuşmagyna berk garşylyk görkezipdi.

 



Degişli Habarlar