“Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky agzalyk gepleşikleriň goý bolsun edilmegi ýalňyşlyk bolar”

Bu beýanat Gresiýanyň Ýewropa Bileleşigi işlerinde jogapkär ýolbaşçysy ýurdyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýorgos Katrungalos tarapyndan berildi

722320
“Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky agzalyk gepleşikleriň goý bolsun edilmegi ýalňyşlyk bolar”

Ýorgos Katrungalos hususy radiolaryň birinde beren interwýusynda Türkiýe, Gresiýa we ÝB gatnaşyklarynyň üstünde duryp geçdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gepleşikleriniň duruzylmagy meselesiniň käbir Ýewropa ýurtlarynda içerki syýasat material hökmünde ulanylýandygyna ünsleri çekdi.

Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary armretslinge meňzeden Katrungalos: “Gepleşikleriň duzdurylmagy diňe Türkiýe tarapyndan däl, gowy goňşuçylyk gatnaşyklary we sebitdäki kadalaşma etaby taýdan hem uly ýalňyşlyk bolar” diýdi.



Degişli Habarlar