Britaniýa 44 ýyllyk agzalykdan soň ÝB-den çykmak etabyny resmi taýdan başlatdy

Britaniýa Lissabon şertnamasynyň 50-njy maddasyny güýje girizdi we 44 ýyllyk agzalykdan soň ÝB-den çykmak etabyny resmi taýdan başlatdy

701793
Britaniýa 44 ýyllyk agzalykdan soň ÝB-den çykmak etabyny resmi taýdan başlatdy

Britaniýanyň ÝB-niň ýanyndaky hemişelik wekili Tim Barrow Premýer ministr Teresa Meýiň goly bilen  Lissabon şertnamasynyň ÝB-den çykmak baradaky 50-njy maddasynyň güýje girýändigi hakyndaky haty Ýewropa Bileleşigi geňeşiniň başlygy Donald Tuska gowşurdy.

Tusk mesele hakynda beren beýanatynda “9 aý soň Britaniýa Breksit etabyny başlatdy” diýip belledi.

Şeýlelikde Britaniýada iýun aýynda geçirlen referendumyň netijesine laýyklykda ÝB-den çykmak etaby resmi taýdan başlady.

Britaniýada 2016-njy ýylyň 23-nji iýunynda geçirlen referendumda halkyň 52 göterimi Britaniýanyň ÝB-den çykmagy üçin ses beripdi.

Britaniýa 1973-nji ýylda ÝB-ne agza bolupdy.



Degişli Habarlar