MOSSAD-yň başlygy Trampyň kömekçileri bilen gizlin duşuşyk geçirdi

Ady agzalýan duşuşykda Tel Awiw bilen täze Amerikan hökümetiniň arasyndaky syýasy utgaşyklygyň dowam etdirilmegi meselesi seljerildi

666009
MOSSAD-yň başlygy Trampyň kömekçileri bilen gizlin duşuşyk geçirdi

Ysraýylyň Merkezi razwetka gullugy MOSSAD-yň başlygy Ýossi Koheniň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýokary derejeli kömekçileri bilen 2 hepde ozal paýtagt Waşingtonda gizlin duşuşyk geçirendigi ýüze çykdy.

Ysraýylyň Haaretz gazetiniň habaryna görä, Waşingtondaky gizlin duşuşyga Ysraýylyň Milli howpsyzlyk gullugynyň ýolbaşçysy Ýaakow Negel hem gatnaşdy.

Ady agzalýan duşuşykda Tel Awiw bilen täze Amerikan hökümetiniň arasyndaky syýasy utgaşyklygyň dowam etdirilmegi meselesi seljerildi.

Duşuşykda şeýle hem Eýran bilen Siriýadaky ýagdaýyň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar