Putin: “Karlowa guralan hüjüm gatnaşyklaryň bozulmagyny maksat edinýär”

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreý Karlowa guralan ýaraly hüjümiň Türkiýe bilen Russiýanyň Siriýada edýän gatnaşyklaryny bökdemek üçin guralandygyny aýtdy

634009
Putin: “Karlowa guralan hüjüm gatnaşyklaryň bozulmagyny maksat edinýär”

Putin hüjüme beriljek jogagyň terrorizme garşy göreşi güýçlendirmeklikdigini nygtady.

Mesele boýunça derňew işiniň gozgalandygyny aýdan Putin, mesele boýunça Türkiýä wekiliýet ugradyljakdygyny mälim etdi.

Ýaragly hüjümiň aňyrsynda kimiň ýa-da kimleriň bardygyny bilmek isleýändiklerini aýdan Prezident Putin, ähli ilçihanalara goşmaça howpsyzlyk çärelerini görmekleri üçin buýruk berdi.

Putin wezipesiniň başynda ýogalandygyny nygtap, ilçiniň döwlet medaly bilen sylaglanmagy üçin Daşary işler ministrligine görkezme berendigini aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa bolsa hüjümi terror hüjümi hökmünde görýändiklerini nygtady.

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Goranmak toparynyň başlygynyň orunbasary Frans Klinsewiç bolsa: “Türkiýede bolan waka, meýilleşdirilen aksiýadyr. Türkiýäniň howpsyzlyk organlary rus hünärmenler bilen bilelikde meseläni derňärler, üssesinden geler” diýdi.

Russiýanyň strategik garşydaşlarynyň şeýle terror wakalaryndan bähbit araýandyklaryny aýdan Klinsewiç: “Meselelerimizi hoş niýetli goňşuçylyk gatnaşyklar bilen çözeliň. Bu gatnaşyklar her şertde dowam etmeli” diýdi.

Döwlet Dumasynyň Howpsyzlyk Komitetiniň başlygy Leonid Slutsi bolsa hüjümiň türk-rus gatnaşyklaryna zyýan ýetirmejekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar