ÝB terrorçylyga garşy üçin Türkiýeden goldaw soraýar…

Bu barasynda taýarlanan habarnamada aýdylýar

627085
ÝB terrorçylyga garşy üçin Türkiýeden goldaw soraýar…

Terrorçylyga garşy alyp barýan göreşinde ýeterlik goldaw bermeýändigi sebäpli Türkiýe tarapyndan tankyt edilýän ÝB “daşary ýurtly terrçylaryň” Ýewropa dolanyp barmaklarynyň howpsyzlyga wehim saljakdygy aladasy bilen bu meselede resmi Ankara bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hökmanydygyny beýan etdi

ÝB Geňeşi “Yzyna dolanyp gelen daşary ýurtly terror söweşijileri: Syýasat alternatiwalar” atly habarnama taýarlady.

Metbugatda çap edilen habarnama görä ýewropaly terrorçylaryň 15-20 göterimi söweş meýdanlarynda ýoğaldy, 30-35 göterimi bolsa yzyna dolandy, 50 göterimi bolsa entegem Siriýada we Yrakda. Siriýadakylaryň we Yrakdakylaryň sanynyn 2-2,5 müň töweregi bolandygy çaklanylýar.

Habarnamada Türkiýe, İordaniýa, Liwan we Yrak bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasanda yzyna dolanan terrorçylar taýdan möhümdigi nygtalýar. Şol hyzmatdaşlygyň terror guramasy DAİŞ-iň güýçli bolan ýerlerine syýahat etmegiň öňğüni alyp biljekdigi seljerilýär.

Şeýle-de “howplary azaltmak üçin wagtynda maglumat almak, ýurtdan çykarmak, malumat çalşygy we yzyna dolananlaryň yzarlanmagy ýaly ugurlarda Türkiýe bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy” islenýär.

Beýleki tarapdan “wagtynda habar bermek we yzyna dolananlaryň yzarlanmagy” frazasynyň Gollandiýanyň we Belgiýanyň hökümetleriniň 22-nji martda Brýusselde guralan terror hüjümlerini guranlardan Brahim Al Bakrauni bilen bagly jogapkärçiligini aklama synanşygy hökmünde tekste goşulandygy öwrenildi.

Türkiýe tarapyndan ýurtdan çykarylan hüjümçi Gollandiýa baradandan soň saklanmandy, Belgiýa geçende-de hiç hili derňew işi gozgalmandy.

26-njy iýulda Fransiýada buthanalardan birine baryp 86 ýaşly ruhanyny öldüren DAİŞ terrorçylarynyň Türkiýe tarapyndan yzyna berilendigi, emma Fransiýada elektron gandal bilen boşadylandygy ýüze çykypdy.

Türkiýe bolsa ekstremist terror guramasy PKK, Fetullahçy terror guramasyna, aşa çepçi terror guramasy DHKP-J ýaly terror guramalaryna garşy göreşde goldaw isleýär.

Terror sanawynda bolandygyna garamazdan Ýewropada PKK garşy operasiýa geçirilmezligi we Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Martin Şulz bilen ÝB Komissiýasynyň agzalykdan jogapkär ýolbaşçysy Ýohannes Hanyň PKK ýarag gatnadan mahaly alynan fotosuratlary çykan Halklaryň demokratik partiýasynyň halk deputaty, gaçgak Faýsal Saryýyldyz bilen duşuşmagyna Ankarada reaksiýa görkezipdi.

ÝB-niň düzümleriniň we agza ýurtlaryň bu çemeleşmesi Ankaradan “terrora goldaw” hökmünde häsýetlendirilýär.



Degişli Habarlar