Bolgariýada Prezident saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler

Bolgariýada geçirilen Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň hiç biri sesleriň 50 göterimini alyp bilmändigi üçin saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler

605093
Bolgariýada Prezident saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler

Ilkinji tapgyrda oppozision partiýasyndaky Bolgariýa Sosialist partiýasynyň hormatly dynç alyşlyga çykan dalaşgäri Rumen Radew sesleriň 24,8 göterimini alyp, 1-nji boldy.

Premýer ministr Boýko Borisowyň liderligindäki Bolgariýanyň Ýewropaly ösüş üçin raýatlar partiýasynyň dalaşgäri we Parlamendiň başlygy Tzetska Tzaçewa sesleriň 23,5 göterimini aldy.

Premýer ministr Borisow ilkinji tapgyrda partiýasyndan dalaşgär bolan Tzaçewanyň 1-nji bolman halatynda hökümet hökmünde wezipesinden çekiljekdigini belläpdi.

Borisow saýlawdan soň Ministrler kebinetiniň mejlisiniň agzalaryny adatdan daşary ýagdaýda ýygnady.

Merkezi saýlaw komissiýasyndan alynan maglumata görä ýurduň 5-nji prezidentini saýlamak üçin geçirilen saýlawa gatnaşyk 45,3 göterim boldy.

71 aýry ýurtda ýaşaýan Bolgariýanyň 40 müň raýaty hem saýlawlara gatnaşdy.

Saýlawlaryň 2-nji tapgyry 13-nji noýabrda ýekşenbe güni geçiriler.



Degişli Habarlar