Rakka operasiýasy birnäçe hepdäniň dowamynda başlap biler

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (Pentagon) Siriýanyň Rakka şäherine garşy guraljak operasiýa barada beýanat berdi

600968
Rakka operasiýasy birnäçe hepdäniň dowamynda başlap biler

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Piter Kuk Rakkanyň terror guramasy DAIŞ-den azat edilmegi operasiýasynyň Mosul operasiýasy bilen bilelikde dowam edip biljekdigini belläp: “Rakka operasiýasy birnäçe hepdäniň dowamynda başlap biler” diýdi.

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Kuk Pentagondaky gündelik metbugat ýygnagynda taýarlyklary dowam edýän Rakka operasiýasy bilen baglanşykly maglumat berdi.

Kuk ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň hem Mosulyň hem-de Rakkanyň üsti bilen gurama garşy basyşy artdyrmagy meýilleşdirýändiklerini we onuň üçin Rakka operasiýasynyň gysga wagtda başlap biljekdigini mälim etdi.

“DAIŞ-e garşy basyşy artdyrmalydyrys we bu ýagdaý Rakkanyň saplanmagynyň gysga wagtyň dowamynda başlamagyny hem öz içine alýar” diýen Kuk ilki bilen şäheriň gabaw astyna alynjakdygyny, soň käbir harby hereketleriň ýerine ýetiriljekdigini we iň soňunda Rakkanyň azat edilmegi operasiýasynyň başlap biljekdigini öňe sürdi.

Rakka operasiýasy bilen baglanşykly beren beýanatynda Ankara bilen Waşingtonyň arasyndaky gepleşikleriň owam edýändigini aýdan Kuk Rakkanyň azat edilmegi üçin iki hyzmatdaş bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýändigini nygtady.
 



Degişli Habarlar