Miting hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerine giň beýan tapdy

“Türkiýede agdarlyşyga garşy uly ýöriş”

547210
Miting  hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerine giň beýan tapdy

Millionlarça adamyň gatnaşmagynda Stambul Ýenikapyda geçirlen taryhy “Demokratiýa we şehitler” mitingi hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerine giň beýan tapdy.

Iňlis ýaýlym organy BBC Ýenikapydaky taryhy mitingi okyjylaryna “Türkiýede agdarlyşyga garşy uly ýöriş” söz başysy bilen ýetirdi.

BBC Prezident R. T. Erdoganyň “Mejlisde kabul edilen halatynda ölüm jezasyny tassyklaryn” diýen sözlerine ünsi çekdi.

Roýter habarlar gullugy “Ýüz müňlerçe adam netijesiz agdarlyşyk synanşygyny nälätlemek üçin jemlenişýär” söz başysyny ulanypdyr.

Roýter habarlar gullugynyň habarynda türk raýatlaryndan biriniň “Bu baýdagyň baky pasyrdamagy, azanlaryň kesilmezligi we ýurdumyzyň bölünmezligi üçin bu ýere geldim” diýen sözlerine ýer berildi.

Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň italiýan metbugaty hem Demokratiýa we şehitler mitingi hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi.

Italiýan Koriere dela sera gazeti taryhy miting hakyndaky habarlary “Ynsan sili” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

La republika bolsa habary “Stambulda Erdogan bilen birlikde ynsan sili” söz başysyny saýlap alypdyr.

Italiýan Rainews 24 kanaly millionlarça adamyň Prezident Erdogan üçin meýdanlara çykandygyny mälim etdi.

Fransuz Le figaro gazeti gazeti “Stambuldaky uly miting” söz başyly habarynda miting hakyndaky habarlara ýer berdi.

Frans 24 habar kanaly “Ýüzmüňlerçe türk Erdogany goldamak üçin Stambulda” söz başyly habarynda türk halkynyň Prezident Erdoganyň jebislik çagyryşy bilen agdarlyşyk synanşygyna garşylyk görkezmek üçin bir ýere jemlenşendigini ýatlatdy.

Habarda mitinge Prezident Erdogan bilen birlikde oppozisiýadaky partiýalaryň hem gatnaşandygyny ýatlatdy.

Germaniýanyň, Kanadanyň, Belgiýanyň, Awstriýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Şwesiýadan Balkanlara, DKTR-dan Liwana çenli birnäçe ýurduň metbugat organy miting bilen ýakyndan gyzyklandy.



Degişli Habarlar