Fellujeniň DAEŞ-den yzyna alynmagy üçin operasiýa guralýar

Operasiýalar sebäpli 3708 maşgala howpsyz zolaklara göçdi

509871
Fellujeniň  DAEŞ-den yzyna alynmagy üçin operasiýa guralýar

Yragyň Anbar welaýatynyň Felluje etrabynyň terror guramasy DAEŞ-den yzyna alynmagy üçin guralýan operasiýalar sebäpli 3708 maşgala howpsyz zolaklara göçdi.

Ýerli häkimiýetler we hususy kärhanalar Fellujeden göçenleriň esasy mätäçlikleriniň gidirilmegi üçin taýarlyk görýär.

BMG-nyň Halkara göç düzümi we Bütin dünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly guramalar tarapyndan geçen hepde berlen ýazmaça beýanatda 50 müňden gowrak yraklynyň çaknyşyklar sebäpli Fellujeden çykyp bilmeýändigi nygtaldy.

Yragyň ýaragly güýçleri terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky Fellujäniň yzyna alynmagy maksady bilen 23-nji maýdan bäri operasiýa guraýar.

 

 



Degişli Habarlar