“Garabagdaky çaknyşyklaryň möwjemegine ýol berilmeli däl”

Russiýanyň Premýer ministri Dmitri Medwedew Garabagdaky çaknyşyklaryň möwjemegine ýol berilmeli däldigini beýan etdi

466880
“Garabagdaky çaknyşyklaryň möwjemegine ýol berilmeli däl”

Russiýanyň Premýer ministri Dmitri Medwedew Garabagdaky çaknyşyklaryň möwjemegine ýol berilmeli däldigini beýan etdi

Medwedew resmi sapar bilen Ermenistana guraýan resmi saparynyň çäginde paýtagat Ýerewanda kärdeşi Howik Abraham bilen duşuşdy.

Medwedew duşuşykda “Russiýa Ermenistanyň ynamdar hyzmatdaşy we dostydyr. Ol şeýle bolmagada dowam eder" diýdi.

Medwedew Azerbaýjan-Erenistan front liniýasyndaky çaknyşyklar barasynda bolsa, Daglyk Garabag meselesinin taraplaryň arasynda parahatçylykly ýollarda çözülmelidigini nygtady.

Dmitri Medwedew: “Sebitdäki dartgynlyk 1994-nji ýyldan bäri ilkinji gezek şeýle möwjedi. Öňümizde iňňän çylşyrymly mesele bar. Häzirki wagtda iň esasy husus parahatçylygy we aragatnaşygy gorap saklamak" diýdi.

Medwedew Russiýanyň Garabahda çözgüt üçin töwellaçy bolmaga taýardygyny hem aýtdy.

“Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramsy meselä çözgüt tapmak üçin güýjüni gorap saklaýan mehanizm. Çözgüt ýollaryny harbylar däl, eýsem diplomatlar gözlemeli" diýen Russiýanyň Premýer ministri, Daglyk Garabagdaky dartgynlygyň çaknyşyga öwrülmegine ýol berilmeli däldigini nygtady.



Degişli Habarlar