Nigeriýada metjitleriň birinde kamikaze hüjümi guraldy

Nigeriýada terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýylda bäri guraýan hüjümlerinde 17 müň adam ýogaldy

452113
Nigeriýada metjitleriň birinde kamikaze hüjümi guraldy

Nigeriýanyň Maiduguri şäherinde metjitleriň birinde guralan kamikaze hüjüminde 22 adam ýogaldy.

35 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümi erkek egin-eşigini geýen 2 zenan kamikaze hüjümçisi tarapyndan guraldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmasada hüjümi terror guramasy Boko Haram edendir diýip çak edilýär.

Resmiler gurama garşy göreşde esasan hem soňky wagtlarda öňe gidişlikler edilendigini habar berdiler.

Nigeriýada terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýylda bäri guraýan hüjümlerinde 17 müň adam ýogaldy.



Degişli Habarlar