"DAEŞ-iň nebitini Asada satýan ruslar…"

Prezident R.T.Erdogan ruslaryň, terror guramasy DAEŞ-iň we Başar Asadyň nebit gatnaşyklaryny paş etdi

400183
"DAEŞ-iň nebitini Asada satýan ruslar…"

Rus raýaty, siriýaly işewür adamy Geoge Haswaniniň nebit işiniň esasy täjiridigini, DAEŞ-den alýan nebitini Siriýanyň hökümetine, üssesine-de halkara arenada satýandygyny nygtan Erdogan: “Ruslaryň meşhur küştçisi we Bütindünýä küşrt federasiýasynyň ozalky başlygy Kirsan İlýumjinow hem bu işe dahyl, nebit söwdasyny edýär, elimižde resminamalar bar, olary degişli ýerlere bereris” diýdi.
ÝB-niň seljermeleri hem DAEŞ-iň Siriýanyň hökümetine satylýan nebite araçylyk edýän George Haswaniniň şol bir wagtda Russiýanyň belli energiýa firmalaryndan birine kärendeçilik edýändigini görkežýär.
“HESCO İnženerçilik we Gurluşyk” firmasynyň şärigi bolan George Haswani ÝB-niň saksiýa sanawyna degişli eden adamlaryndan biri.
“Anadoly” habarlar gullugynyň soraglaryna jogap beren ÝB Komissiýasynyň geňeşçisi Nabila Massrali sanawa degişli jemi 13 adamyň we firmanyň garaňky gatnaşyklary barada maglumatlarynyň bardygyny aýtdy.
DAEŞ bilen Asadyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat beren merkeži Londonda ýerleşýän “The Economist İntelligenje Unit” guramasynyň Afrika ýurtlaryndan jogapkär ýolbaşçysy Pat Thaker bolsa DAEŞ-iň we Siriýanyň hökümetiniň bilelikde nebit söwdasyny edýändigini, Siriýanyň hökümetiniň DAEŞ-iň göžegçiligindäki Rakka şäherinde ýaşaýan halka aýlyk töleýändigini we hökümet bilen DAEŞ-iň elektrik bekedinden bilelikde tok alýandygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar