Rus uçaryna bombany kim goýdy?

Müsüriň Sina ýarym adasynyň üstünde partladylan rus uçaryna bombany Şarm Al Şeýhiň howa menziliniň işgärlerinden biri goýan bolup biler…

418736
Rus uçaryna bombany kim goýdy?

Russiýada çap edilýän “Kommersant” gazetiniň habar bermegine görä elektron partlaýyjy uçaryň ýük bölümine däl, eýsem salonda, penjire tarapdaky ýolagçy oturgyçlarynyň biriniň aşagyna goýulypdyr.
Federal howpsyzlyk gullugynyň başlygy Aleksandr Bortikow ozalky beýanatynda Müsürden uçan uçardaky şahsy goşlaryň, ýükleriň we uçara degişli bölekleriň seljerilendigini, wakanyň terror hüjümi hökmünde häsýetlendirilip bilinjekdigini aýdypdy.
Federal howpsyzlyk gullugynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan Wladimir Lusenko bolsa “Kommersant FM-e” beren beýanatynda, partlaýyjynyň uly, litrlik bankanyň içinde bolandygyny, ýükleriň ýüklenip gutarylmagyndan soň, uçuş başlandan soň ýarylandygyny, adaty barlagda anyklanyp bilinmezliginiň mümkin bolmandygyny, şeýlelikde barlag nokadyndan däl, eýsem başga tarapdan uçara goýulandygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar