Asad asuda ilaty nyşana almaga dowam edýär

375540
Asad asuda ilaty nyşana almaga dowam edýär

Siriýanyň ýaragly güýçleriniň Damask we Idlib şäherlerinde wakum bombasy we içi partlaýjy maddalardan doly zir-zibil konteýnerleri bilen guran hüjüminde asuda ilatdan 12 adam ýogaldy.
Hüjümde onlarça adam hem ýaralandy.
Harby uçarlaryň paýtagt Damaskyň Gündogar Guta etrapçasynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere wakum bombasy bilen guran hüjüminde 6 adam ýogaldy.
Hüjümde onlarça adam ýogaldy, üç bina ýykyldy.
Idlib şäheriniň Eriha etrapçasynda dik uçarlaryň içi partlaýjy maddalardan doly zir-zibil konteýnerleri bilen guran hüjüminde 6 adam ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy.
Hüjümde 6 bina ýer bilen ýegsan boldy. Köp sanly bina hem hatardan çykdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar