Italiýada mafiýa garşy operasiýa guraldy

Italiýada mafiýa garşy filmlerde sahnalaşdyrp boljak görnüşde operasiýa guraldy

314710
Italiýada mafiýa garşy operasiýa guraldy

Italiýanyň polisiýa işgärleri 1993-nji ýyldan bäri yzarlanýan sisiliýaly mafiýanyň lideri Matteo Messina Denaronyň 11 egindeşini operasiýa arkaly tussag etdi.
Tussag edilenleriň arasynda Denaronyň ýakyn adamsy 77 ýaşly ozalky mafiýa lideri Wito Gondola hem bar.
Gondolanyň guramadaky wezipesi agzalaryň arasyndaky aragatnaşygy ýola goýmakdy.
Polisleriň 22 ýyl bäri yzarlap ýören 53 ýaşly mafiýa lideri Denaro bolsa ýene-de gaçmagy başardy.
Italiýanyň Premýer ministri Matteo Renzi jemgyýetçilik saýtynda derňew işlerinden umytlydygyny nygtady.
Mafiýanyň lideri Matteo Messina Denaro 1993-nji ýylda Florensiýada we Milanda 10 adamyň ölmegi bilen netijelenen bomablay hüjümi guramak bilen günäkärlernýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar