Talibanlylar Parahatçylyk gepleşiklerinden ýüz öwürdi

Talibanly başbozarlar Owganystanyň hökümetiniň we guramanyň wekilleriniň arasynda Pakistanda anna güni geçirilmegi meýilleşdirilen Parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmajakdyklaryny aýtdy

307714
Talibanlylar Parahatçylyk gepleşiklerinden ýüz öwürdi

Talibanlylaryň metbugat geňeşçisi Zabiullah Müjahed tarapyndan berilen ýazamaça beýanatda: “Metbugatda Talibanlylar bilen Owganystanyň hökümetiniň arasynda Pakistanda ýa-da Hytaýda Parahatçylyk gepleşikleriň boljakdygy baradaky habarlary gördük. Parahatçylyk bilen baglanşykly ähli ygtyýar we jogapkärçilik Talibanlylaryň Syýasy wekilçiligine bagly. Syaýsy wekilçiligiň bolsa olar ýaly gepleşiklerden habary ýok” nygtalýar.

Birnäçe gün ozal Pakistanyň hökümeti anna güni Yslamabadyň golaýyndaky Muri şäherinde Owaganystanyň hökümetiniň we Talibanlylaryň wekilleriniň arasynda 2-nji gezek resmi Parahatçylyk gepleşikleriniň geçiriljekdigini habar beripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar