Ysraýyl ýadro gepleşiklerinde gazanylan ylalaşyga garşy

Netanýahu yzygiderli şertnama baglaşylan halatynda şertnamanyň tekstinde “Eýran Ysraýyly ykrar edýär”diýlen sözlemiň ýer almagyny isledi

225644
Ysraýyl ýadro gepleşiklerinde gazanylan ylalaşyga garşy

Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy we Germaniýanyň arasynda geçirlen ýadro gepleşiklerinde esasy ugurlar boýunça ylalaşyk gazanylmagyna Ysraýyl berk garşylyk görkezýär.
ABŞ bolsa Ysraýyl üçin howply bolan haýsydyr bir şertnama asla gol golmajakdyklaryny beýan etdi.
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Erik Şultz “Prezident Obama Ysraýyl üçin howply bolan haýsydyr bir şertnama asla gol goýmaz” diýdi.
ABŞ-nyň Eýran meselesindäki ýeke-täk aladasynyň ýadro maksatnamasy bolmandygyny ýatladan metbugat geňeşçisi düýn bolşy ýaly şu gün hem şol aladalarynyň dowam edýändigini ýatlatdy.
Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bolsa hökümet hökmünde ýadro gepleşiklerinde esasy ugurlar boýunça ylalaşyk gazanylmagyna garşydyklaryny aýtdy.
Adatdan daşary ýagdaýda jemlenşen Ministrler kabinetiniň mejlisinde söz sözlän Netanýahu yzygiderli şertnama baglaşylan halatynda şertnamanyň tekstinde “Eýran Ysraýyly ykrar edýär”diýlen sözlemiň ýer almagyny isledi.
Müsür we Siriýa bolsa ylalaşyga hoşallyk bildirdi we yzygiderli şertnamanyň baglaşylmagyny we şertnamanyň Ýakyn Gündogara durnuklylyk getirmegini arzuw etdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar